10-njy bap
Pawlus dünýäniň ýörelgeleri boýunça söweşmeýär
1 Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip, 2 ýalbarýaryn: size baranymda, meni siziň bilen aýgytly we çürt-kesik gürleşmäge mejbur etmäň. Hawa, men özümizi bu dünýäniň ýörelgelerine görä gezýändir öýdýänler bilen şeýle gürleşip bilýärin. Ýöne özüňiz bilen şeýle gürleşmäge mejbur etmäň. 3 Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň ýörelgeleri boýunça söweşmeýäris. 4 Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys. 5 Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris. 6 Siziň Isa Mesihe bütinleý tabyndygyňyza göz ýetirenimizde, her bitabynlyga jeza bermäge taýýardyrys. 7 Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris. 8 Rebbiň bize beren ygtyýary babatda has köpräk öwnäýemde-de, utanmaryn. Sebäbi bu ygtyýar imanyňyzy ýumurmak üçin däl-de, ony berkitmek üçin berlendir. 9 Ýöne sizi diňe öz hatlarym bilen gorkuzjak bolýarmykam öýtmäň. 10 Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar. 11 Şeýle diýýän adamlar, goý, şuny bilip goýsunlar: biz uzakdakak öz hatlarymyzda nähili bolsak, siziň araňyzdakak hem şolar ýaly bolarys. 12 Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk! 13 Biz çendenaşa däl-de, Hudaýyň özümize bellän çäklerinde magtanýarys. Bu çäkleriň içine siz hem girýänsiňiz. 14 Biz özümize bellenilen çäkden çykmaýarys. Eger size barmadyk bolsadyk, onda bellenen çäkden çykyp, çendenaşa magtandygymyz bolardy. Ýöne biz Isa Mesihiň Hoş Habaryny size-de ýetirdik ahyryn! 15 Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris. 16 Şonda biz siziň sebitleriňizden has uzaklarda-da Hoş Habary wagyz edip bileris. Sebäbi biz başganyň çäklerindäki taýýar işler bilen öwünmek islemeýäris. 17 Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin! 18 Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.