12‑nji bap
Pawlusa gelen görnüşler
1 Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin. 2 Men Mesihiň bir şägirdini tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal gökleriň gögüne äkidildi. Bu ahwal bedende ýa-da bedenden daşarda bolupmy – bilemok, muny Hudaý bilýär. 3 Hawa, men şeýle adamy tanaýaryn. Ol huşundamy ýa gören görnüşindemi – bilemok, muny diňe Hudaý bilýär, 4 garaz, jennede äkidilýär. Ol ýerde söz bilen beýan edip bolmajak ajaýyp zatlary, ynsana aýtmaga rugsat edilmedik zatlary eşidýär. 5 Ine, men şeýle adam bilen magtanaryn. Özüm babatda diňe ejizligim bolaýmasa, başga magtanara zadym ýok. 6 Eger magtanmaly bolaýamda-da, akmagyň edişi ýaly etmerin, hakykaty aýdaryn. Emma men magtanmakdan saklanýaryn. Ýogsa kimdir biri meni öz göreninden ýa eşideninden artykmykam öýdäýmesin.
7 Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi. 8 Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym. 9 Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn. 10 Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
Pawlus korintoslylar barada alada edýär
11 Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn. 12 Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin. 13 Men size beýleki ýygnaklardan kemter garadymmy? Hä, hawa, men size agram salmadym-ow! Bu «adalatsyzlygym» üçin meni bagyşlaweriň!
14 Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr. 15 Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz? 16 Meniň size agram salmandygym bilen ylalaşýarsyňyz. Emma şonda-da mekirlik edip, sizi hile bilen tutupdyryn diýip, meni aýyplaýarsyňyz. 17 Ýöne nädip? Men ýanyňyza iberen adamlarym arkaly sizi heý-de öz bähbidim üçin işletdimmi? 18 Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegini haýyş etdim. Onuň ýany bilen imandaky doganymyzy hem iberdim. Heý-de Titus sizi öz bähbidi üçin işletdimi? Eýsem biz şol bir Mukaddes Ruha görä ýaşamaýarysmy? Şol bir ýörelgä eýermeýärismi? 19 Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir. 20 Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn. 21 Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.