63‑nji bap
Rebbiň gudraty
1 Edomdan, Bosradan
gyrmyzy eşikli gelýän bu kim?
Şöhratly lybas içinde
beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim?
 
«Dabara bilen gepleýän,
halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
 
2 Näme üçin lybasyň gyrmyzy,
eşigiň üzüm sykýanyňky kimin?
 
3 «Üzümi ýeke sykdym,
ýanymda halklardan hiç kim ýokdy;
gaharlykam sykdym üzümi,
gazaplykam aýak astyna aldym;
onuň gany eşiklerime syçrady,
bar lybasymy hapalady.
4 Öç alyş güni ýüregimdedi,
halas etjek ýylym gelipdi.
5 Men seretdim, kömekçi ýokdy;
hiç kimiň Meni goldamaýandygyna
haýran galdym.
Onsoň Öz golum Maňa ýeňiş getirdi,
Öz gazabym Meni goldady.
6 Gaharyma halklary aýak astyna aldym,
gazabyma olary serhoş etdim,
ganlaryny ýere dökdüm».
 
7 Rebbiň eden ähli işlerine görä
Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny,
rehimlerine görä, Ysraýyl nesline
görkezen beýik merhemetini,
uly ýagşylygyny agzaýyn.
8 Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym,
Meni aldamajak ogullardyr» diýdi.
Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.
9 Olar azap çekende, gynandy Ol.
Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi;
söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary;
owaldan olary elinde göterip geldi.
10 Emma olar pitne turzup,
Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar;
Reb-de olara duşman bolup,
garşylaryna söweşdi.
11 Hudaýyň halky geçmişi,
Rebbiň guly Musany ýatlady.
Sürüsiniň çopanlary bilen bile
olary deňizden geçiren nirede?
Öz Mukaddes Ruhuny
içlerine salan nirede?
12 Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden,
Özüne ebedi at edinmek üçin
öňlerindäki suwy bölen nirede?
13 Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim?
Atyň büdremän çölden geçişi dek
olar-da büdremediler.
14 Derä inýän mal sürüsi dek,
Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi.
Özüňe şöhratly at edinmek üçin
halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.
 
15 Göklerden seret,
Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden
bize nazar sal.
Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň?
Merhemetiň, rehimiň nirede?
Olary bizden sakladyň.
16 Atamyz Sensiň,
Ybraýym bizi bilmese-de,
Ysraýyl bizi tanamasa-da,
ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen,
owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».
17 Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň,
Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň?
Öz bendeleriň hatyrasyna,
Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.
18 Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi,
emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.
19 Owaldan bäri üstlerinden
Sen höküm sürmedik,
Seniň adyň dakylmadyk
halka meňzedik biz.