64‑nji bap
1 Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen!
Öňüňde titreşsedi daglar!
2 Alawyň çalyny ýandyryşy dek,
suwy gaýnadyşy dek oduň
adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň,
milletler öňüňde lerzana gelerler.
3 Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde,
ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.
4 Özüne umyt baglaýanlar üçin
şeýle işleri eden Hudaýy
owaldan bäri ne gulak eşidipdi,
ne-de göz görüpdi.
5 Dogry işleri şatlanyp edýänleri,
Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda.
Ýöne günä batdyk biz,
Sen gaharlandyň,
biz halas edilerismi?
6 Haram adam deý bolduk ählimiz,
ähli dogry işlerimiz haram esgi deý.
Solýarys biz ýaprak deý,
ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
7 Seniň adyňy tutýan,
Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok;
Sen ýüzüňi gizlediň bizden,
bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.
8 Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb,
biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz,
Seniň eliňiň işidiris ählimiz.
9 Gaty gaharlanma,
hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb,
ählimiz Seniň halkyňdyrys,
muny nazara al!
10 Mukaddes şäherleriň çöl boldy,
Sion düzlüge,
Iýerusalim haraba öwrüldi.
11 Atalarymyzyň Saňa
öwgi aýdan ýeri bolan
mukaddes hem gözel öýümiz
oda ýandy,
ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi.
12 Şulara garamazdan, ýa Reb,
saklanjakmy Sen?
Dymyp, şeýle gazaply ezýet berjekmi bize?