62‑nji bap
Sionyň täze ady
1 Sionyň dogrulygy nur kimin,
halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança,
Sionyň hatyrasyna,
Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.
2 Milletler dogrulygyňy,
patyşalar şöhratyňy görerler;
Rebbiň Öz agzyndan çykan
täze at bilen atlandyrylarsyň.
3 Rebbiň elinde gözellik täji,
Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.
4 Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa,
mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa,
emma saňa «Söýdügim»,
ýurduňa «Ärli» diýler;
Reb seni söýýär,
ýurduň ärli bolar.
5 Ýigidiň gyza öýlenişi dek,
ogullaryň-da saňa eýe çykarlar,
giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek,
Hudaý-da seniň üçin şatlanar.
6 Eý, Iýerusalim,
diwarlaryňda gözegçiler goýdum,
gije-gündiz asla dymmaz olar.
Eý, Rebbe ýatladýanlar,
özüňize dynç bermäň,
7 Iýerusalimi berkidip,
ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä,
oňa ynjalyk bermäň.
 
8 Reb Öz sag elinden,
güýçli golundan ant içdi:
«Indi gallaňy duşmanlaryňa
iýmit hökmünde bermerin,
öz zähmetiň siňen şerabyňy
kesekiler içmezler.
9 Hasylyny ýyganlar iýip,
Rebbe alkyş aýdarlar,
ony toplanlar,
mukaddes howlularymda içerler».
 
10 Geçiň, geçiň derwezelerden!
Halkyň ýoluny taýynlaň!
Çekiň, çekiň şaýoly,
ony daşlardan arassalaň,
halklar üçin baýdak dikiň!
11 Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi:
«Sion gyzyna* şeýle diý:
„Ine, Halasgäriň gelýär;
Onuň sylagy ýanyndadyr“».
12 Olara «Mukaddes halk,
Rebbiň azat edenleri» diýler,
saňa bolsa «Hudaýyň agtarany,
terk edilmedik şäher» diýler.