129-njy mezmur
Zyýarat nagmasy
1 Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni.
2 Eý, Taňry, eşit sesimi,
dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.
3 Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň,
ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler?
4 Emma Senden gorkarlar ýaly,
Sende bardyr geçirimlilik.
5 Men Rebbe intizar, janym intizar,
men Onuň sözüne umyt baglaýan.
6 Garawullar daňyň atmagyna intizar,
hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar,
meniň janym şondan hem köp Taňra intizar.
7 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy:
Reb sadyk söýgüsini görkezýär,
Ol hemişe halas etmäge taýýar.
8 Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.