128‑nji mezmur
Zyýarat nagmasy
1 «Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler –
– diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –
2 Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler.
Ýöne menden üstün çykmadylar.
3 Sürümçiler meniň arkamy sürdüler,
olar uzyn keşlerini çekdiler».
4 Emma wepaly Reb
erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.
5 Siony ýigrenýänleriň ählisi
goý, utanyp, yzyna dönsün.
6 Goý, olar üçekde gögerip,
güllemänkä solýan ot kimin bolsun.
7 Ondan orakçy gysymyny doldurmaz,
desse bogýan gujagyny doldurmaz.
8 «Çäjiňe bereket!
Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.