130-njy mezmur
Dawudyň zyýarat nagmasy
1 Ýa Reb, meniň ýüregimde tekepbirlik ýok,
gözlerim hem ulumsylyk bilen garanok,
Düşünip bilmeýän juda beýik işlere men ulaşamok.
2 Tersine, süýtden aýrylan çagany
enäniň köşeşdirişi deý,
janyma basalyk berdim we köşeşdirdim.
3 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy,
şindiden asyrlarboýy!