112‑nji mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň,
Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
2 Şindiden ebedä çenli
Rebbiň ady alkyşly bolsun!
3 Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli,
Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
4 Reb ähli milletlerden belentde,
Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
5 Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy?
Ol göklerde oturan bolsa-da,
6 eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.
7 Ol garyplary ýerden galdyrýar,
mätäçleri kül içinden çykarýar,
8 olary şazadalaryň ýanynda,
Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
9 Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär,
ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!