113‑nji mezmur
1 Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda,
Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,
2 Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne,
Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.
3 Deňiz görüp, ökje göterdi,
Iordan derýasy ters ugra akdy.
4 Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly,
depeler hem – guzular ýaly.
5 Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň?
Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?
6 Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly,
depeler hem – guzular ýaly?
7-8 Gaýany suw howzuna öwürýän,
çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän
Rebbiň öňünde,
Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!
9 Bize däl, ýa Reb, bize däl,
söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna
şan-şöhrat ber Sen Özüňe!
10 «Hany olaryň Hudaýy?» diýip,
näme üçin milletler aýtsyn?!
11 Biziň Hudaýymyz göklerde
Ol göwnüniň islän zadyny edýär.
12 Milletleriň butlary kümüş, tylladyr,
olar ynsan elleriniň işidir.
13 Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär,
gözleri bar, ýöne görmeýär.
14 Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär,
burunlary hem ys-kok almaýar.
15 Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar,
aýaklary bar, ýöne ýöremeýär,
bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar.
16 Şolar dek bolar olary ýasanlar,
we olara bil baglan ähli ynsanlar.
17 Eý, Ysraýyl, Rebbe bil bagla!
Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
18 Eý, Harunyň nesli, Rebbe bil bagla!
Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
19 Eý, Rebden gorkýan, Oňa bil bagla!
Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
20 Reb bizi ýadyna saldy,
Ol bize ak pata berer.
Ol Ysraýylyň nesline ak pata berer,
Ol Harunyň nesline ak pata berer.
21 Rebden gorkýanlara,
uly-kiçä ak pata berer;
22 goý, Reb sizi hem-de
zürýatlaryňyzy köpeltsin;
23 goý, gögi-ýeri ýaradan Reb
size ak pata bersin.
24 Gökler Rebbiňkidir,
ýeri bolsa Reb ynsan ogullaryna berdi.
25 Merhumlar, gabra inýänleriň hiç biri
Rebbi şöhratlandyrmaýar.
26 Emma şindiden ebedä çenli,
biz Rebbe aýtjak alkyşy.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!