111‑nji mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Alef
Rebden gorkýan,
Bet
buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly!
Gimel
2 Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar,
Dalet
dogrularyň nesli bereket tapar.
He
3 Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar,
Waw
dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.
Zaýin
4 Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar,
Ḥet
ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.
Ṭet
5 Jomart, karz berýän ynsan gowudyr,
Ýod
ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.
Kaf
6 Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz,
Lamed
müdimilik ol unudylmaz.
Mem
7 Ol şum habardan gorkmaz,
Nun
Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.
Sameh
8 Onuň ýüregi mäkäm,
Ğaýin
ol asla eýmenmez,
iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.
Pe
9 Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi,
Tsadi
onuň dogrulygy dowam eder ebedi,
at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.
Reş
10 Erbet adam muny görüp, gazaba münýär,
Şin
dişini gyjaýar we ruhdan düşýär;
Taw
erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.