110-njy mezmur
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Alef
Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda
Bet
tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.
Gimel
2 Beýikdir Rebbiň işleri,
Dalet
olary agtarýar bar muşdaklary.
He
3 Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly,
Waw
Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.
Zaýin
4 Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi,
Ḥet
Reb merhemetli hem-de rehimli.
Ṭet
5 Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly,
Ýod
eden ähti ýadyndadyr müdimi.
Kaf
6 Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi:
Lamed
milletleriň mirasyny olara berdi.
Mem
7 Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly,
Nun
Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr.
Sameh
8 Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy,
Ğaýin
wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary.
Pe
9 Reb Öz halkyny halas eýledi,
Tsadi
Öz ähtini baky buýurdy;
Onuň ady mukaddes hem-de wehimli.
Reş
10 Rebden gorkmak – danalyk başy,
Şin
muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry.
Taw
Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.