46-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2 Eý, ähli halklar, el çarpyşyň!
Hudaýa heşelle kakyň!
3 Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr,
çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.
4 Ol halklary biziň golastymyza berdi,
milletleri aýak astymyza çökerdi.
5 Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi,
biz – Onuň söýýän halky. Sela
6 Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen,
Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.
7 Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa,
nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
8 Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr,
Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.
9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý,
Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.
10 Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin,
halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar;
çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr;
Ol belende galdyrylandyr.