47‑nji mezmur
1 Koranyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur.
2 Reb beýikdir,
Hudaýymyzyň şäherinde,
Onuň mukaddes dagynda
Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.
3 Belent, gözel Sion* dagy
tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr;
Sion dagy Beýik Şanyň şäheri,
ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr.
4 Hudaý onuň galasynda
Özüni berkitme hökmünde tanadýar.
 
5 Ine, patyşalar agyz birikdirdiler,
bilelikde ol ýerlerden geçdiler.
6 Olar ony görenlerinde haýran galdylar,
dowla düşüp, gaçyp gitdiler.
7 Şol ýerde sandyrama tutdy olary,
dogurýan aýalyň burgusy ýaly.
8 Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini
çym-pytrak edişi ýaly,
Sen derbi-dagyn etdiň olary.
 
9 Biz şäheriň şöhratyny eşitdik,
indi bolsa ony:
Hökmürowan Rebbiň şäherini – Hudaýymyzyň şäherini
özümiz gördük.
Ol ony ebedi berkarar eder. Sela
 
10 Eý, Hudaý, ybadathanaňda
oýlanýarys sadyk söýgiň barada.
11 Eý, Hudaý, Seniň adyň deý,
alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär.
Seniň eliň adalatdan doludyr.
12 Goý, Sion dagy begensin.
Seniň adalatly hökümleriň hatyrasyna,
Ýahudanyň gyzlary, goý, şat bolsun.
13 Sionyň daşynda gezip, ony aýlanyň,
onuň diňlerini siz sanap çykyň.
14 Onuň içki berkitmelerine üns beriň,
geljek nesle aýtmak üçin,
onuň köşklerine aýlanyp çykyň.
15 Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr,
Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr;
ömürboýy bize ýol görkezjek Oldur.