45‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koranyň nesilleriniň nagmasy.
2 Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz,
Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
3 Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da,
daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,
4 olaryň suwlary güwläp, joşsa-da,
zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela
5 Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär
Hudaýyň şäherini –
Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.
6 Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz,
Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.
7 Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar,
Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
8 Hökmürowan Reb biziň bilendir,
Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.
9 Geliň, görüň Rebbiň edenlerini,
ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.
10 Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar,
ýaýlary kül-owram edýär,
naýzalary ikä bölüp taşlaýar,
galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.
11 Reb şeýle diýýär:
«Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin!
Milletler arasynda beýgeldilerin
tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».
12 Hökmürowan Reb biziň bilendir,
Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela