10-njy bap
Iň soňky gurbanlyk
1 Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär. 2 Eger kämil edip bilýän bolsady, onda gurbanlyk hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki sežde edýänler günäden bir gezekde päklenenlerinden soň, olaryň wyždany günäleriniň päklenmegine gaýdyp mätäç bolmazdy. 3 Emma ol gurbanlyklar her ýyl ynsanlara günälerini ýatladýardy. 4 Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir. 5 ‡Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi:
«Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň;
emma Maňa bir beden taýynladyň.
6 Ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy
Seniň göwnüňden turmady.
7 Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy.
Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“».
8 Mesih ilki bilen Kanunyň talap edýän gurbanlyklary barada söz açyp, Hudaýa: «Sen gurbanlyk bilen sadakany islemediň, ýakma hem günä gurbanlygy-da göwnüňden turmady» diýdi. 9 Soňra-da: «Ine, Men, Seniň islegiňi berjaý etmäge geldim*» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinji kanuny berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar. 10 Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik. 11 Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar. 12 Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy. 13 Şondan bäri hem Ol duşmanlarynyň aýak astyna salynmagyna garaşýar. 14 Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi. 15 Mukaddes Ruh hem bize bu hakda şaýatlyk edýär. Ilki bilen Reb şeýle diýýär: 16 ‡«Ol günlerden soň, Meniň olar bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunlarymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn». 17 Soňra Ol: «Mundan beýläk olaryň günälerini, ýazyklaryny ýatlamaryn» diýýär. 18 Diýmek, Hudaý günäleri bagyşlan bolsa, mundan buýana günä gurbanlyk hödürlemegiň geregi ýok.
Berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň
19 Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris. 20 Isa Öz ölümi arkaly bize çadyrdaky içki tutudan geçýän we Hudaýa barýan täze ýaşaýyş ýoluny açyp berdi. 21 Indi biziň Hudaýyň halkyna jogapkär beýik Ruhanymyz bardyr. 22 Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy. 23 Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr. 24 Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň. 25 Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň. 26 Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur. 27 Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr. 28 Musanyň kanunyny ret eden adam iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen rehimsiz öldürilýärdi. 29 Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar? 30 ‡Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar». 31 Hawa, diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!
32 Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-‑jepalara döz gelipdiňiz. 33 Siz bir tarapdan, hemmeleriň öňünde kemsidilmelere we muşakgatlara sezewar edildiňiz, beýleki bir tarapdan, şeýle ýagdaýa uçranlaryň derdini deň çekişdiňiz. 34 Tussagdakylaryň-da dertlerini* deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz. 35 Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr. 36 Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.
37 ‡Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Ýene az salymdan
şol Geljek hökman geler, eglenmez.
38 Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar,
eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».
39 Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.