9-njy bap
Sežde etmegiň köne düzgünleri
1 Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy. 2 Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy. 3 Çadyryň içki tutusynyň aňyrsynda Iň mukaddes otag diýlip atlandyrylýan ýene bir otag bardy. 4 Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan* doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy. 5 Sandygyň gapagynyň üstünde şan-şöhrata beslenen keruplar* bardy. Bu keruplar ganatlary bilen gapaga kölege salýardylar. Emma häzir bular barada jikme-jik gürrüň etmegiň wagty däl.
6 Ähli zat şunuň ýaly gurnalandan soň, ruhanylar her gün çadyryň daşky otagyna girip, öz borçlaryny ýerine ýetirýärdiler. 7 Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy. 8 Bu düzgünler arkaly Mukaddes Ruh şuny görkezýär: ýerdäki Mukaddes çadyrda ýerine ýetirilýän parzlar bes edilmese, gökdäki Iň mukaddes otaga asla girip bolmaz. 9 Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär. 10 Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.
Sežde etmegiň täze düzgünleri
11 Mesih indi amala aşan* ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi. 12 Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy. 13 Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler. 14 Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris. 15 Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy. 16 Wada boýunça haýsydyr bir wesýetnama bar bolsa, onda wesýetçiniň ölendigini subut etmek gerek. 17 Sebäbi wesýetnama diňe wesýetçiniň ölüminden soňra güýje girýändir. Wesýetçi dirikä, wesýetnamanyň asla güýji ýokdur. 18 Şoňa görä öňki äht hem gan dökülýänçä güýje girmedi. 19 Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň* ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip: 20 «Bu Hudaýyň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. 21 Şonuň ýaly hem, Musa çadyryň we sežde etmekde ulanylýan ähli zatlaryň hem üstüne gan seperdi. 22 Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar. 23 Şeýlelikde, gökdäki zatlaryň ýerdäki nusgalarynyň bu gurbanlyklar bilen päklenmegi gerekdi. Emma gökdäki zatlaryň özleri bulardan has oňat gurbanlyklary talap edýärdi. 24 Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi. 25 Baş ruhany iň mukaddes otaga her ýyl girip, gurbanlyk janlysynyň ganyny hödür edýärdi, emma Mesih göge girmek üçin Özüni öwran-öwran gurban etmedi. 26 Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi. 27 Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir. 28 Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.