6-njy bap
1 Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek, 2 suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok. 3 Hudaý ýol berse, biziň işimiz ilerlär.
4-6 Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.
7 Yzygider ýagan ýagyşdan ganyp, daýhana bol hasyl getirýän topraga Hudaý bereket berýändir. 8 Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.
9 Eziz dostlar, biz şeýle diýsek hem, siziň beýle däldigiňizi bilýäris. Siziň dogry ýoldan ýöräp, halas boljakdygyňyza ynanýarys. 10 Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz. 11 Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris. 12 Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.
Hudaýyň wadasy ygtybarlydyr
13 Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi. 14 Ol: «Men, hakykatdanam, seni ýalkap, seniň nesliňi san-sajaksyz köpelderin» diýip ant içdi. 15 Şeýlelikde, Ybraýym sabyr-takat bilen garaşyp, berlen wada ýetdi.
16 Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär. 17 Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady. 18 Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys. 19 Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir. 20 Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.