5‑nji bap
1 Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär. 2 Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar. 3 Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr. 4 Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar. 5 Şonuň üçin Mesih hem Baş Ruhany bolmak üçin Özüni Özi şöhratlandyrmady. Tersine, Ony: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» diýip aýdan Hudaý şöhratlandyrdy. 6 Başga bir ýerde bolsa: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň» diýip aýdýar. 7 Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy. 8 Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi. 9 Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar. 10 Şeýle hem, Hudaý Ony Mäliksadyk derejesindäki Baş Ruhany diýip yglan etdi.
Imanda berkäliň
11 Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn. 12 Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek! 13 Süýt bilen iýmitlenýän agzyndan süýt ysy gitmedikdir. Ol ýagşy-ýamany heniz saýgarýan däldir. 14 Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.