5‑nji bap
Mukaddes Kanun arkaly aklanjak bolmaň!
1 Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň*, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň. 2 Gulak goýuň! Ine, men, Pawlus, size şuny diýýärin: eger siz özüňizi sünnetletmäge ýol berseňiz, onda Mesihiň edenleri siziň üçin kör köpükdir. 3 Özüni sünnetletmäge ýol beren her bir adama men ýene-de bir gezek şuny mälim edýärin: ol tutuş Mukaddes Kanuny berjaý etmäge borçludyr. 4 Eý, özüni Mukaddes Kanun arkaly aklamakçy bolýanlar! Siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz. 5 Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys. 6 Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.
7 Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy? 8 Sizi bu ynandyrma çagyrýan Hudaýdan däldir! 9 Ujypsyz hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýandyr. 10 Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker. 11 Eý, doganlarym! Eger men heniz-de sünnetlenilmäni wagyz edýän bolsam, onda men näme üçin yzarlanýarkam?! Eger dogrudan-da şeýle bolýan bolsa, onda Isanyň haçy babatdaky wagzym büdreme daşy bolmazdy. 12 Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!
Mukaddes Ruha laýyklykda ýaşaň!
13 Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň. 14 ‡Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir. 15 Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz. 16 Size şuny aýdasym gelýär: Mukaddes Ruhuň ýörelgesinden ýöräň. Şonda siz ynsan höweslerine eýermersiňiz. 17 Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz. 18 Emma siz Mukaddes Ruha eýerýän bolsaňyz, Kanuna görä ýaşamaga borçly dälsiňiz.
19 Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr; 20 butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik 21 we bahyllyk; serhoşlyk*, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.
22 Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, 23 ýumşaklyk, özüňe erk edip bilmeklik. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. 24 Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler. 25 Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň. 26 Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.