4‑nji bap
1 Men size şuny hem aýdaýyn: mirasdüşer tutuş mülküň hojaýyny bolsa-da, çagalyk döwründe guldan hiç tapawudy ýokdur. 2 Ol atasynyň bellän wagtyna çenli dolandyryjynyň we ynamdar adamlaryň gözegçiliginde bolýandyr. 3 Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk. 4 Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady. 5 Bularyň bary Mukaddes Kanunyň guly bolup ýaşaýanlaryň azat bolmagy üçin, biziň-de ogullygyň ähli hukuklaryny alyp bilmegimiz üçin edildi. 6 Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!*, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize* iberdi. 7 Şunlukda, siz indi gul däl-de, Hudaýyň ogullarysyňyz. Ogul bolanyňyz üçin, Hudaý sizi Özüniň mirasdüşeri edýändir*.
Pawlus galatýalylary gaýgy-alada edýär
8 Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz. 9 Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi? 10 Siz dini baýramlara: mukaddes günlere, Täze Aý baýramlaryna, pasyl baýramlaryna we ýyllara üns berýärsiňiz ahyryn! 11 Men siz babatda uly alada galýaryn. Eýsem meniň zähmetim biderek bolaýarmyka? 12 Eý, doganlarym, ýalbarýaryn: men ýaly boluň! Sebäbi men hem siz ýaly bolandyryn. Siz maňa hiç nähaklyk etmediňiz. 13 Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr. 14 Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz*, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz. 15 Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä! 16 Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?
17 Käbir dogansumaklar betpällerine eýerip, sizi bizden aýryp, öz taraplaryna çekmäge jan edýärler. Olar diňe özleri babatda yhlasly bolmagyňyzy isleýärler. 18 Ýagşylyk üçin diňe men ýanyňyzdakam däl, eýsem hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr. 19 Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn. 20 Wah, edil şu wagt siziň ýanyňyzda bolup, äheňimi üýtgetsedim! Sebäbi men sizi şeýle alada edýärin!
Hajar we Sara
21 Eý, Mukaddes Kanuna görä ýaşamakçy bolýanlar! Men şuny soramakçy: eýsem siz Töwratda ýazylany bilmeýäňizmi? 22 Töwratda Ybraýymyň iki oglunyň bolandygy barada ýazylgydyr. Olaryň biri gyrnak aýalyndan, beýlekisi bolsa azat aýalyndandy. 23 Gyrnakdan oglunyň bolmagy adaty bir zatdy. Emma azat aýalyndan bolan ogly berlen wada görä doglupdy.
24 Bu ýerde meňzetme bardyr. Iki aýal iki ähtiň nyşanydyr. Bir äht Sinaý dagynda edilip, Hajara meňzeýär. Sebäbi ol gul çagalary dünýä indirýär. 25 Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr. 26 Emma göklerdäki Iýerusalim azatdyr. Ol biziň enemizdir. 27 Mukaddes Ýazgylarda:
«Şatlan, eý, çaga dogmadyk önelgesiz,
burguda bolmadyk,
begençden aýdym aýt!
Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary
ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» – diýip ýazylgydyr.
28 Eý, doganlarym, indi siz Yshak ýaly wada görä doglan ogullarsyňyz. 29 Ten boýunça doglan ogul Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly doglan ogly yzarlap, oňa azar beripdi. Häzir hem şeýledir. 30 Emma Mukaddes Ýazgylar näme diýýär? «Gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly azat aýaldan doglan ogul bilen mirasy paýlaşmaz». 31 Şunlukda, eý, doganlarym, biz gyrnagyň çagalary däl-de, azat aýalyň çagalarydyrys.