3‑nji bap
1 Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim. 2 Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz. 3 Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme? 4 Biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», başgaňyz «men Apollonyň şägirdi» diýýärsiňiz. Eýsem şeýle diýmek bilen, dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi? 5 Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik. 6 Men tohum ekdim, Apollo suwardy. Emma ösdüren Hudaýdyr. 7 Şunlukda, eken-de, suwaran-da hiçdir. Diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir. 8 Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar. 9 Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz. 10 Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr. 11 Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez. 12 Bu binýadyň üstünde bolsa kimiň altyndan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, çöp-çalamdan ýa-da samandan 13 gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar. 14 Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. 15 Guran binasy otda köýse, ol ýitgi çeker. Ýöne altyn-kümşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar. 16 Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi? 17 Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz. 18 Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar. 19 ‡Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr. 20 ‡«Reb danalaryň pikirleriniň panydygyny bilýär». 21 Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir: 22 Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da*, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir. 23 Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih bolsa Hudaýyňkydyr.