2‑nji bap
1 Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym. 2 Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim. 3 Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym. 4 Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi. 5 Bu siziň imanyňyzyň ynsan paýhasyna däl-de, Hudaýyň güýjüne daýanmagy üçindi.
Hudaýyň danalygy Mukaddes Ruh arkaly aýan bolýar
6 Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir. 7 Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi. 8 Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler. 9 Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly:
«Hudaýy söýýänler üçin
Onuň taýynlan zatlaryny
ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi,
ne-de ynsan akyly çaklapdy».
10 Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir. 11 Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir. 12 Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys. 13 Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris*. 14 Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler. 15 Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.
16 «Rebbe kim akyl ýetirdi?
Kim Oňa maslahat berip bildi?»
Emma bizde welin Isa Mesihiň akyly bardyr.