5‑nji bap
Altynjy alamat: uçýan kagyz
1 Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi. 2 Perişde maňa: «Näme görýäň?» diýdi. Men: «Bir kagyz-a uçup ýör; onuň boýy ýigrimi tirsek, ini on tirsek» diýip jogap berdim. 3 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr. 4 Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».
Ýedinji alamat: içi aýally küýze
5 Soňra meniň bilen gepleşen perişde öňüme geçdi-de: «Ýokaryňa seret, şol gelýän zadyň nämedigini gör» diýdi. 6 Men: «Ol näme?» diýip soradym. Ol maňa: «Ol gelýän küýzedir. Bu tutuş ýurduň etmişidir*» diýdi. 7 Soňra gurşun gapak ýokary göterildi: küýzäniň içinde bir aýal otyrdy. 8 Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy. 9 Soňra men seredip durkam, iki aýalyň gelýändigini gördüm. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýärdiler. Olaryň ganaty leglegiň ganaty ýalydy. Olar ýer bilen gögüň aralygynda küýzäni göterip äkitdiler. 10 Men perişdeden: «Olar küýzäni nirä alyp barýarlar?» diýip soradym. 11 Ol maňa: «Şingar ýurduna; şol ýerde oňa öý gurjaklar. Öý taýýar bolanda, olar küýzäni şonuň içinde öz ýerinde goýarlar» diýdi.