4‑nji bap
Bäşinji alamat: çyradan we zeýtun agaçlary
1 Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy. 2 Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar. 3 Olaryň ýanynda iki sany zeýtun agajy bar. Olaryň biri ýag gabynyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda» diýip jogap berdim. 4 Men perişdeden: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. 5 Meniň bilen gepleşen perişde: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim. 6 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 7 Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».
8 Şeýle hem maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9 «Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň. 10 «Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar.
Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir». 11 Men ol perişdeden: «Onda çyradanyň sagyndaky hem çepindäki iki düýp zeýtun agajy nämäni aňladýar?» diýip soradym. 12 Ondan ýene-de: «Iki altyn turbajygyň üsti bilen altyn reňkli ýag çykaryp duran zeýtun agajynyň iki şahasy nämäni aňladýar?» diýip soradym. 13 Ol menden: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim. 14 Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.