13‑nji bap
Zygyr matadan tikilen guşak
1 Reb maňa: «Git-de, özüňe nepis zygyr matadan tikilen guşak satyn alyp, ony biliňe guşa, ýöne ony suwa batyrma» diýdi. 2 Şeýlelikde, men Rebbiň sözi boýunça bir guşak satyn alyp, ony bilime guşadym. 3 Maňa ýene Rebbiň şu sözi aýan boldy: 4 «Biliňdäki satyn alan guşagyňy al-da, Ýewfrat obasyna git. Ony ol ýerde bir gaýanyň jaýrygynda gizle». 5 Rebbiň buýrugy boýunça men gidip, guşagy Ýewfrat obasynda gizledim. 6 Köp gün geçenden soň, Reb maňa: «Tur, Ýewfrat obasyna git-de, gizlemegi buýran guşagymy al» diýdi. 7 Onsoň men Ýewfrat obasyna gitdim, gizlän ýerimden gazyp, guşagy aldym. Emma guşak çüýräp zaýalanan eken. Ol hiç zada ýarajak däldi. 8 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9 «Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin. 10 Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar. 11 Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.
Şeraply küýze
12 Olara şu sözi ýetir, Ysraýyl Hudaýy Reb: „Ähli küýzeler şerapdan dolar“ diýýär diý. Olar saňa: „Ähli küýzäniň şerapdan doljagyny biz näme bilýän däldiris öýdýäňmi?“ diýerler. 13 Şonda olara Reb şeýle diýýär diý: „Bu ýurtda ýaşaýanlaryň ählisini: Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri, Iýerusalimiň tutuş ilatyny serhoş bolýançalar şerapdan doýraryn. 14 Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
Iýerusalim jezalandyrylar
15 Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň,
çünki Reb gepleýär.
16 Garaňkylyk düşürmezden öň,
zulmat daglarynda
aýaklaryňyzy büdretmezden öň,
Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň.
Siz yşyga garaşýarsyňyz,
emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp,
tüm garaňkylyga gaplar.
17 Emma siz muňa gulak asmasaňyz,
tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn;
Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin,
gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.
18 Patyşa bilen onuň ejesine aýt:
„Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň,
çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.
19 Negebiň şäherleri ýapyldy,
olary açjak ýokdur.
Bütin Ýahuda sürgün edildi,
tutuşlygyna sürgün edildi.
20 Başyňyzy galdyryp,
demirgazykdan gelýänleri görüň.
Saňa berlen süri,
ajaýyp süriň nirede?
21 Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy
Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň?
Dogurýan aýalyň burgusy ýaly
seni-de sanjy tutmazmy?
22 Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar
meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň,
bu etmişleriňiň köplügi sebäpli
etegiň açyldy we namysyňa degildi.
23 Efiopiýaly öz teniniň reňkini,
gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi?
Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz
ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.
24 Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan
saman külkesi kimin dargadaryn.
25 Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur.
Muny Men – Reb aýdýandyryn,
çünki sen Meni unutdyň,
ýalana bil bagladyň.
26 Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip,
etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.
27 Meýdanda we depeleriň üstünde
seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy,
esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm.
Dat günüňe, eý, Iýerusalim!
Tämizlenmegiň üçin,
ýene näçe wagt gerek saňa?!»