12‑nji bap
Ýermeýa Rebbe nalyş edýär
1 Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam,
Sen hemişe hakly çykýarsyň.
Emma ýene-de adalat barada
Seniň bilen gürleşmek isleýärin.
Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar?
Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?
2 Olary Sen oturtdyň, kök urdular.
Ösüp-ulalyp, miwe berdiler.
Seniň adyň dillerinden düşmeýär,
emma ýürekleri Senden uzakdyr.
3 Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň,
meni görýärsiň, Özüň hakdaky
pikirlerimi synaýarsyň.
Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da,
soýuljak güni üçin taýýarla.
4 Haçana çenli ýurt ýas tutup,
otlar saralyp solar?
Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa
haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler.
Çünki bu halk diýýär:
«Ol bize näme boljagyny görmeýär».
Reb Ýermeýa jogap berýär
5 Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň,
onda atlylar bilen nädip ýaryşjak?
Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň,
onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?
6 Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň,
öz maşgalaň-da haýynlyk etdi.
Ýeňsäňden seslerine bat berdiler.
Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da,
ynanmaweri sen olara.
7 Men halkymy terk etdim,
mirasymy taşladym,
jandan söýýän halkymy
duşmanlarynyň eline berdim.
8 Mirasym Meniň üçin
tokaýdaky arslan kimin boldy.
Maňa tarap nagra çekdi,
şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.
9 Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy?
Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy.
Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň,
goý, olar mirasymy ýuwudyp-ýalmasynlar.
10 Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler,
ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar,
ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.
11 Ony harabaçylyga dönderdiler,
haraba içinde huzurymda aglaýar.
Tutuş ýurt weýran boldy,
emma hiç kimiň piňine-de däl.
12 Çöldäki ähli depelere
talaňçylar geldiler.
Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli
Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.
13 Olar bugdaý ekip, tiken ordular,
gara zähmet çekip, haýyr görmediler.
Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa
alan hasyllaryna utansynlar.
14 «Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr. 15 Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin. 16 Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar. 17 Emma gulak asmadyk her bir milleti köki bilen bütinleý goparyp taşlaryn we ýok ederin».