31‑nji bap
Müsür bilen birleşmek netijesizdir
1 Medet sorap, Müsüre gidýänleriň,
atlara daýanýanlaryň,
köpdükleri üçin söweş arabalaryna,
güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň
dat gününe!
Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar,
Rebden maslahat soramaýarlar.
2 Emma Reb danadyr,
Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz,
ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar,
pislere kömek edýänlere garşy çykar.
3 Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr,
ruh däldir, tendir atlary;
Reb elini uzadanda,
kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar,
ählisi birlikde heläk bolar.
4 Çünki Reb maňa şeýle diýdi:
«Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan,
bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de,
olaryň sesinden gorkmaz,
galmagallaryndan ürkmez,
Hökmürowan Reb-de,
Sion dagynda, onuň depesinde
uruşmak üçin aşak iner şeýdip.
5 Guşlaryň ganat gerip,
öz çagalaryny goraýşy dek,
Hökmürowan Reb-de
Iýerusalimi gorar;
Ol ony gorar, halas eder,
rehim eder, azat eder».
6 Eý, ysraýyl halky,
garşysyna uly pitne turzan
Rebbe tarap öwrüliň!
7 Şol gün her kes,
günä üçin öz eli bilen ýasan
altyndyr kümüş butlaryny ret eder.
8 «Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar,
adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler,
olar gylyçdan gaçarlar,
ýaş ýigitleri-de gul ediler.
9 Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy,
serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler».
Muny ody Sionda,
ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.