30-njy bap
Pitneçi halk
1 «Pitneçi halkyň dat gününe!
Olar Meniňkini däl-de,
öz niýetlerini berjaý edýärler;
Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp,
günä üstüne günä goşýarlar.
Muny Reb aýdýandyr.
2 Faraonyň penasynda penalamak üçin,
Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin,
Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.
3 Faraonyň goragy olara utanç,
ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak.
4 Baştutanlary Zoganda bolup,
ilçileri Hanase ýetenem bolsalar,
5 özlerine peýdasy bolmadyk
halk zerarly utanja galar olar.
Ne ýardam berýär bu halk,
ne-de peýda berýär,
gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar».
 
6 Negep haýwanlary barada pygamberlik:
urkaçy hem erkek arslanyň,
alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan,
alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip,
baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna,
hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp,
peýdasyz halka äkidip berýärler.
7 Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr.
Munuň üçin Men ony:
«Ümsüm oturýan Rahap»* diýip atlandyrdym.
 
8 Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz,
düýrlenen kagyza geçir.
Bu geljekki günler üçin
ebedi şaýat bolsun!
9 Bu pitneçi halk,
hilegär ogullar,
Rebbiň öwüdine
gulak goýmaýan ogullardyr.
10 Olar görgürlere: «Görmäň»,
pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň,
süýji sözler aýdyň bize,
hileli zatlary pygamberlik ediň.
11 Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň,
bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.
12 Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär:
«Bu sözi ret edip,
zulum hem hilegärlige bil baglap,
olara daýanýandygyňyz üçin,
13 bu etmiş belent diwarda peýda bolup
opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar;
diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.
14 Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir;
ol şeýle bir pytrar welin,
döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga,
guýudan suw almaga
ýarajak bölek tapylmaz».
15 Munuň üçin Hökmürowan Reb,
Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär:
«Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz;
güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar»,
ýöne siz islemeýärsiňiz.
16 Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz.
Şonuň üçin gaçarsyňyz!
Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz.
Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.
17 Bir kişiniň haýbatyndan
müň kişi gaçar,
bäş kişiniň haýbatyndan
siz gaçarsyňyz,
aman galanlaryňyz
dagyň depesindäki baýdak syrygy,
depedäki baýdak kimin bolarsyňyz.
 
18 Reb size merhemet etjek bolup garaşýar,
ýokarda size rehim etmäge häzir,
çünki Reb adalat Hudaýydyr;
Oňa intizarlar nähili bagtly!
19 Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky,
aglamarsyňyz indi siz!
Perýat edeniňizde,
size merhemet eder Ol,
ony eşideninde, size jogap berer.
20 Reb size azap çöregini,
külpet suwuny berse-de,
Mugallymyňyz indi gizlenmez,
gözüňiz bilen Ony görersiňiz.
21 Saga, sola öwrüleniňizde,
yzyňyzdan: «Ýol budur,
şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.
22 Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy,
altyna gaplanan heýkelleriňizi
haram saýarsyňyz;
olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz,
siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.
23 Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer,
ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar.
Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.
24 Ýer bejerýän öküzler bilen eşekler
kürek we ýabak bilen sowrulan
saýlama iým iýer.
25 Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda,
her beýik dagda, her belent baýyrda
akar suwly çeşmeler bolar.
26 Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap,
Öz ýetiren şikesine şypa beren güni,
Aýyň nury Günüň nury dek,
Günüň nury ýedi Günüň nury dek,
ýedi esse artyk bolar.
Reb Aşury jezalandyrýar
27 Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär,
lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol;
dodaklary gahardan doly,
dili ýalmaýan ot kimindir.
28 Onuň demi joşup,
kekirdege ýetýän çeşme kimindir,
milletleri heläkçilik eleginden geçirer,
halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.
29 Mukaddes baýram bellenýän
gijesindäki dek
aýdym aýdarsyňyz;
Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna
tüýdük çalyp çykýan dek,
ýüregiňiz şatlanar.
30 Reb haýbatly sesini eşitdirer,
lowlaýan gazap bilen,
ýalmaýan ot ýalny bilen,
bulutlaryň partlamasy bilen,
tupan hem doly bilen
golunyň gudratyny görkezer.
31 Rebbiň sesinden Aşur wehim eder,
Ol hasasy bilen Aşury urar.
32 Rebbiň olaryň üstünden inderýän
jeza hasasynyň her zarbasy
depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar;
Reb gazaply söweşler bilen
garşysyna çykar onuň.
33 Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy,
hawa, ol patyşa üçin taýynlandy;
ol ýer çuňňur hem giň edildi,
ol odun bilen dolduryldy.
Kükürt akymy kimin
ony ýandyrar Rebbiň demi.