26-njy bap
Alkyş aýdymy
1 Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar:
«Bizde güýçli şäher bar,
Hudaýyň halas edişi
diwarlardyr seňňerler ýalydyr.
2 Derwezeleri açyň,
sadyk, dogry millet
içeri girsin.
3 Pikiri Özüňe ýönelenleri
doly rahatlykda saklaýarsyň,
çünki olar Saňa bil baglaýarlar.
4 Rebbe ebedilik bil bagla,
çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.
5 Tekepbirleri kiçeldýär,
beýik şäheri ýykyp,
ýer bilen ýegsan edýär ony.
6 Ol şäher ejizleriň aýaklary,
mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».
 
7 Dogrularyň ýoly düzdür.
Eý, Adyl Bolan,
dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.
8 Ýa Reb,
Hökümleriňiň ýodasynda,
biz Saňa intizar,
Seniň adyň we ýatlanmagyň
ýüregimiziň islegidir.
9 Gije kalbym Seni küýseýär,
janym Seni çynlakaý yzlaýar,
hökümleriň ýer ýüzündekä,
dünýäniň bütin ilaty
dogrulygy öwrener.
10 Pisler merhemet gazansalar-da,
dogrulygy öwrenmezler,
adalatsyzlyk ederler,
dogrularyň ýurdunda.
Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.
11 Ýa Reb, el galdyrdyň,
emma ony görmediler.
Halkyňa bolan yhlasyňy görüp,
utansynlar olar.
Duşmanlaryňa niýetlenen ot,
goý, olary ýuwutsyn.
12 Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň,
ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
13 Ýa Reb, Hudaýymyz,
Senden başga hökümdarlar
bize agalyk etdiler,
emma biz diňe
Seniň adyňa hormat goýýarys.
14 Ol hökümdarlar öldi,
olar indi ýok,
Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň,
olary hiç kim ýatlamaz asla.
15 Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň!
Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň;
ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.
 
16 Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar,
Senden temmi alanlarynda,
pyşyrdap zordan dileg etdiler.
17 Dogurmak pursady ýakynlaşanda,
burgudan ejir çekip,
gygyrýan aýal nähili bolsa,
biz-de, ýa Reb,
Seniň öňüňde şeýle bolduk.
18 Biz göwreli bolduk, ejir çekdik,
emma ýelden başga zat dogurmadyk,
ýer ýüzüne ýeňiş getirmedik,
dünýäniň ilaty ýykylmady.
19 Emma ölüleriň ýaşar,
jesetler direler.
Eý, toprak astynda ýatanlar,
oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň!
Çygyň ertiriň çygy kimindir,
toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.
20 Geliň, eý, halkym,
otaglaryňyza giriň-de,
içinden ýapyň gapylary!
Gazap geçýänçä,
az salym gizleniň.
21 Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna
etmişleri üçin jeza bermäge
Öz mekanyndan çykyp gelýär;
ýer üstüne dökülen gany äşgär eder,
öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.