25‑nji bap
Rebbe öwgi
1 Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym!
Seni arşa çykararyn,
alkyşa beslärin adyňy,
çünki Sen ajaýyp işler etdiň,
owaldan karar etdiň,
kämil sadyklyk bilen.
2 Sen şäheri daş üýşmegine,
diwarly şäheri harabalyga öwürdiň;
kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň,
olar bina edilmez asla.
3 Şonuň üçin güýçli halklar şöhratlandyrar Seni;
ýowuz milletleriň şäherleri Senden gorkarlar.
4 Sen ýoksullara pena,
mätäçlere mätäçliginde pena bolduň,
tupandan goraýan gaçybatalga,
yssydan goraýan kölege bolduň.
Rehimsizleriň gaharly demi
diwara urulýan tupan kimin,
5 gurak ýerdäki yssy kimindir,
kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň;
bulut kölegesi bilen
yssyny basyşyň kimin,
ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.
Rebbiň taýýarlan meýlisi
6 Hökmürowan Reb
bu dagda ähli halklar üçin
bol iýmitli, sap şeraply,
ýilikli, bol etden,
süzülen sap şeraply meýlis gurar.
7 Bütin halklary örten örtügi,
ähli milletleriň üstündäki ýapynjany
bu dagdan ýok eder.
8 Ölümi ebedilik ýuwudar Ol;
gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb,
halkynyň utanjyny
bütin ýer ýüzünden
aýrar Ol.
Muny Reb aýdýandyr.
9 Şol gün şeýle diýler:
«Ine, Hudaýymyz budur,
biz Oňa umyt bagladyk,
Ol bizi halas etdi.
Biziň umyt baglan Rebbimiz budur;
halas bolanymyz üçin
begeneliň, şatlanalyň!»
10 Rebbiň eli bu dagda bolar,
dersli çukurda samanyň depelenişi kimin
mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.
11 Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin,
olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar;
emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan,
olaryň tekepbirlerini peselder.
12 Ýer bilen ýegsan ediler,
diwarlaryndaky berkitmeler.