3‑nji bap
Yşk arzuwy
1 Köňül aşygymy gije
düşegimden agtardym;
gözläp tapmadym ony.
2 Indi turup, şähere çykaryn,
köçelerden, meýdançalardan
köňül aşygymy agtararyn.
Gözläp tapmadym ony.
3 Aýlanyp ýören,
şäher gözegçileri
duşdy maňa.
Olardan: «Köňül aşygymy
gördüňizmi?» diýip soradym.
4 Olaryň deňinden geçen dessime,
köňül aşygymy tapdym men.
Ony saklap, enemiň öýüne,
meni dogranyň otagyna
getirýänçäm, goýbermedim.
5 Eý, Iýerusalim gyzlary,
jerenlerdir çöl marallaryndan
ant içýärin:
özi isleýänçä
yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!
Giýew we onuň toýy
6 Tüsse sütüni deý
çölden çykyp gelýän kim?
Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen
mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.
7 Ana, Süleýmanyň şa paýtuny!
Ysraýylyň altmyş gerçegidir
onuň daşynda.
8 Ählisi gylyçly,
söweşe ökde;
gijäniň wehiminden
billeri gylyçlydyr.
9 Süleýman şa liwan agaçlaryndan
özüne şa paýtunyny ýasatdy:
10 sütünleri kümüşden,
tirsekligi gyzyldan,
oturgyjy gyrmyzy mahmaldan.
Içi Iýerusalim gyzlarynyň söýgüsine beslenen.
11 Eý, Sion gyzlary*,
daşa çykyň-da,
Süleýmany toý gününde,
ýürekden şat gününde
ejesiniň başyna geýdiren
täjine bakyň!