2‑nji bap
1 Men Şaronyň bägüli,
dereleriň çigildemidirin.
Ýigit:
2 Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym,
gyzlar içinde.
Gyz:
3 Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý,
ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym.
Lezzetlidir maňa saýasy onuň,
miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4 Ol meni meýlishana getirdi,
maňa söýgi meýli bardy onda.
5 Kişmişler bilen meni güýçlendir,
gurplandyr almalar bilen,
çünki yşk heseri meni gaplady.
6 Sol eli kellämiň astynda,
gujaklaýar meni sag eli bilen.
7 Eý, Iýerusalim gyzlary,
jerenlerdir çöl marallaryndan
ant içýärin:
özi isleýänçä
yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!
Bahar aýdymy
8 Ýarymyň owazydyr bu!
Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp,
depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9 Jerene,
keýik owlagyna meňzeýär dildarym.
Ine, ol howlymyzyň daşynda durup,
penjirelerden garaýar,
gözeneklerden seredýär.
10 Söýgülim maňa şeýle diýdi:
«Tur, dildarym, gözelim tur,
ýör bile gideli.
11 Gyş ötdi,
ýagyş-da diňdi.
12 Ýerde güller açylyp,
nagma pursady geldi.
Ülkämizde gumrynyň
owazy eşidilýär.
13 Injir miwesini düwýär,
üzümler gül açýar,
hoşboý ysyny saçýar.
Tur, dildarym,
gözelim, ýör bile gideli».
Ýigit:
14 Gaýa gowaklaryndaky,
uçut kenardaky gögerçinim,
jemalyňy göreýin,
eşideýin seniň owazyň,
şirin owazyň,
jemalyň-da ajaýypdyr.
Gyz:
15 Bize tilkileri,
üzüm baglaryny weýran edýän
tilkijikleri tutup beriň,
çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16 Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn;
sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17 Daň atyp,
kölegeler ýitýänçä,
dolan yzyňa, söýgülim,
Beser daglaryndaky* jeren deý,
keýik owlagy deý bol!