139-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et,
zalym adamlardan meni penala.
3 Olar betniýetleri ýüregine düwýär,
olar dyngysyz uruş turuzýar.
4 Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär,
agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
5 Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla
hem-de zalym adamdan gora.
Olar aýagyma badak atmak isleýär.
6 Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular,
torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular,
ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
7 Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň,
ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit.
8 Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň
söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
9 Ýa Reb, erbet adamy myradyna ýetirme,
onuň betniýetleri berjaý bolmasyn,
ol beýgelmesin!» Sela
10 Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar,
goý, olaryň öz başlaryndan insin.
11 Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin,
goý, olar oda, çuň gorpa düşsün,
goý, olar asla çykyp bilmesin.
12 Töhmetçiler ýurtda, goý, ornaşmasyn,
betbagtlyk zalym adamy, goý, aw edinsin.
13 Bilýärin: Reb ezilenleriň işine garar,
mätäçlere adalatly karar çykarar.
14 Dogrular Seniň adyňa şükür ederler,
dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.