94‑nji mezmur
1 Geliň, Rebbe nagma aýdaly,
halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.
2 Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly,
alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.
3 Çünki Reb beýik Hudaýdyr,
ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
4 Onuň elindedir ýer çuňluklary,
Onuňkydyr dagyň çür depeleri.
5 Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony,
gury ýere şekil berdi Onuň elleri.
6 Geliň, sežde edip, tagzym edeli,
bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.
7 Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr,
biz Onuň örüsiniň halkydyrys,
Onuň elindäki goýunlardyrys.
Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz:
8 «Meribada, ol gün Masa çölündäki deý,
siz gatatmaň ýüregiňizi.
9 Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady,
edenlerimi görse-de, Meni synady*.
10 Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym.
Diýdim: „Bu halkyň ýüregi Menden uzakdyr,
Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.
11 Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».