93‑nji mezmur
1 Ýa Reb, öç alýan Hudaý,
nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!
2 Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy,
tekepbirlere päline görä ber jezasyny!
3 Ýa Reb, erbetler haçana çenli,
haçana çenli erbetler dabaralanar?
4 Ulumsylyk saçýar olaryň agzy,
öwünýär betkärleriň hemmesi.
5 Ýa Reb, olar halkyňy ezýär,
Seniň milletiňe ejir çekdirýär.
6 Olar dul hatyny, gelmişegi öldürýär
hem-de ýetimleriň ganyna galýar.
7 Diýýärler: «Reb görmeýär.
Ýakubyň Hudaýy dykgat bermeýär».
8 Düşüniň, eý, halkyň kemakyllary,
eý, akmaklar, haçan bolarkaňyz paýhasly?
9 Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi?
Göze şekil beren, heý-de, görmezmi?
10 Milletleri toba getirýän,
ynsanyýete bilim öwredýän jeza bermezmi?
11 Reb bilýär ynsanlaryň pikirlerini
hem-de bu pikirleriň panydygyny.
12 Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň,
Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly!
13 Sen erbetleriň gabry taýýar bolýança,
bu ynsany muşakgatlyk döwründe
aman galdyrýaň.
14 Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz,
Ol saýlan halkyny asla terk etmez.
15 Çünki adalat dogrulyga dolanar,
ýüregi dogrular hem oňa eýerer.
16 Meniň üçin erbetleriň garşysyna kim galar?
Meniň üçin betkärlere kim garşy durar?
17 Eger Reb kömekçim bolmadyk bolsa,
janym gabryň ümsümligine eýýäm göçerdi.
18 «Aýagym büdreýär» diýen mahalym,
meni, ýa Reb, sadyk söýgiň goldady.
19 Ýürek gaýgylarymyň artan mahaly,
Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär.
20 Zulum kanunlaryny düzýän erbet hökümdarlar,
eýsem Saňa ýaran bolup bilermi?
21 Olar dogry ynsanyň janyna garşy
dil birikdirýärler,
bigünäni ölüme höküm edýärler.
22 Emma Reb boldy meniň berkitmäm,
Hudaýym – pena edinen gaýam.
23 Ol olaryň ýamanlygyny özlerine gaýtarar,
olary erbetlikleri üçin gyryp tükeder;
Hudaýymyz Reb olary gyryp tükeder.