39-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Men intizar bolup, Rebbe garaşdym,
Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi;
3 meni heläkçilik gorpundan,
batgalyk laýyndan çykaryp aldy;
aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup,
Ol meniň ädimlerimi berkitdi.
4 Ol meniň agzymda bir täze nagma –
Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy;
köpler muny görüp gorkarlar,
hem-de Rebbe bil baglarlar.
5 Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly!
Tekepbirlere, ýalan hudaýlara
ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
6 Ýa Beýik Hudaýym,
Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok!
Seniň bize gönükdirilen
gudratly işleriň, pikirleriň köpdür.
Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär,
ýöne olar sanardan köpdür.
7 Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň;
Sen meniň gulaklarymy açdyň;
ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny
talap etmediň.
8 Şonda diýdim: «Ine, gelýärin;
kitapda men barada ýazylgy.
9 Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn;
Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».
10 Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim;
Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.
11 Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym;
sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim;
uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy
men gizlemedim.
12 Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama;
Seniň söýgiň we sadyklygyň,
goý, elmydama meni gorasyn.
13 Çünki sansyz bela-beter meni gurşady;
öz etmişlerim meniň başymdan indi;
görüp bilmeýän:
olar başymyň saçyndan hem kän,
pagyş-para boldy meniň ýüregim.
14 Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal;
ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
15 Janyma kast edýänleriň hemmesi,
goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;
başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,
yzyna öwrülip, masgara bolsun.
16 Maňa «haý, haý!» diýýänler
utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
17 Seni agtarýanlaryň bary
Sende begenip, şadyýan bolsun;
«Reb beýikdir!» diýip,
halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
18 Men bolsa garyp we mätäçdirin,
ýöne Taňry maňa gamhorlyk eder;
Sensiň kömegim hem Halasgärim,
eglenme, eý, meniň Hudaýym!