38‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysy Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.
2 Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin,
ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn;
erbetler meniň garşymda durka
agzymy jylawlap saklajakdyryn».
3 Lal bolup, ümsümligi bozmadym,
hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym;
emma beterledi meniň agyrym.
4 Ýüregim tutaşdy meniň içimde,
ot alawlady oý-hyýalymda,
ahyrsoňy dilimi ýardym:
5 «Bildir, ýa Reb, meniň soňumy
hem-de galan günlerimiň sanyny;
bildir ömrümiň panydygyny.
6 Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň!
Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr.
Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela
7 «Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin;
dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar;
ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.
8 Ýa Taňry, indi nämä garaşaýyn men?
Meniň ähli umydym Sende.
9 Ähli ýazyklarymdan meni halas et,
meni akmaklara masgara etme.
10 Lal bolup, açmaýaryn agzymy,
çünki Sen etdiň muny.
11 Aýyr menden Öz urgularyňy,
eliň zarbyna ýitip gidýärin.
12 Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde,
guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň;
dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela
13 «Ýa Reb, meniň dogamy eşit,
gulak goý dat-perýadyma;
Sen biparh garama gözýaşlaryma,
çünki men gelmişek Seniň ýanyňda,
ähli atalarym deý men bir keseki.
14 Nazaryňy menden sow,
gidip, ýok bolmazdan öň bir ynjalaýyn».