28‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar,
Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
2 Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň;
şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.
3 Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde,
Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär,
Reb ummasyz suwlardan üstündir.
4 Rebbiň sesi kuwwatlydyr,
Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.
5 Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär,
Reb Liwan kedrlerini owradýar.
6 Ol Liwan dagyny göle deý,
Sirýon dagyny-da* ýabany öküzçe deý
bökdürýär.
7 Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
8 Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar,
Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.
9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar,
tokaýlary ýalaňaçlaýar;
Onuň ybadathanasynda hemmeler
«Hudaýa şöhrat!» diýýär.
10 Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar.
Reb Şa hökmünde baky oturýar.
11 Goý, Reb Öz halkyna güýç- -kuwwat bersin
hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!