27‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Ýa Reb, Seni çagyrýaryn;
eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam,
dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.
2 Saňa dat-perýat eden wagtymda,
iň mukaddes otagyňa tarap
ellerimi galdyranymda,
ýalbaryşlarymyň sesini eşit.
3 Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme;
olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen,
emma welin pislik bar ýüreklerinde.
4 Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny
özlerine gaýtar;
elleriniň edenlerini özlerine gaýtar;
edenlerine laýyk öwezini ber.
5 Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine
üns bermeýändikleri sebäpli,
Ol weýran eder olary
hem-de gaýdyp bina etmez olary.
6 Rebbe alkyş bolsun!
Ol eşitdi perýadymyň sesini.
7 Reb meniň güýjüm hem-de galkanym;
Oňa bil baglady meniň ýüregim,
Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar;
Oňa nagmam bilen şükür ederin.
8 Reb halkyň güýjüdir,
seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.
9 Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber,
olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!