25‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim,
bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.
2 Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe,
meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.
3 Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda,
gezdim men Seniň sadyklygyňda.
4 Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn,
ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
5 Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin;
erbetleriň ýanynda oturmaryn men.
6 Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda,
aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,
7 Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn;
ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
8 Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi –
Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny.
9 Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy,
ganhorlaryňky bilen bile –
ýaşaýyşymy.
10 Olaryň elinde haýynlyk bardyr;
gollary para-peşgeşden doludyr.
11 Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda,
meni halas et, maňa merhemet eýle.
12 Tekiz ýerde dur meniň aýagym,
Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.