24‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
Alef
1 Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
Bet
2 Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan;
men utanja galmaýyn;
duşmanlarym menden üstün çykmasyn.
Gimel
3 Saňa intizarlar galmasynlar utanja,
nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja.
Dalet
4 Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy
hem-de öwret maňa ýodalaryňy.
He
5 Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret,
çünki meni halas edýän Hudaý Sen;
men uzakly gün Saňa intizardyryn.
Zaýin
6 Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi,
çünki olar bardyr gadymdan bäri.
Ḥet
7 Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi
hem-de bitabynlyk ýodalarymy.
Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä,
Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.
Ṭet
8 Reb ýagşy hem-de dogrudyr
Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär.
Ýod
9 Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri
Öz ýoluny pespällere öwredýär.
Kaf
10 Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara
söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.
Lamed
11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna
bagyşla Sen meniň etmişlerimi,
çünki uludyr olar.
Mem
12 Rebden gorkýan ynsan bar bolsa,
Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny.
Nun
13 Ol ýaşajakdyr bolelinlikde,
ýeri miras alar onuň zürýady.
Sameh
14 Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär,
Ol olara Öz ähtini bildirýär.
Ğaýin
15 Gözlerim mydama Rebbe garap dur,
çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar.
Pe
16 Maňa öwrül-de, merhemet eýle,
çünki men ýalňyz, ezýetlidirin.
Tsadi
17 Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy;
jebir-jepalarymdan halas et meni.
Reş
18 Muşakgatym bilen yzama seret
hem-de meniň ähli günälerimi öt.
Reş
19 Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň,
olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni.
Şin
20 Janymy gora-da, halas et meni,
utanmaýyn, çünki pena edindim Seni.
Taw
21 Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn,
çünki men Saňa intizardyryn.
22 Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny
ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.