3‑nji bap
Dawudyň nesilleri
1 Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel. 2 Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa; 3 Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam; 4 Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi.
Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi. 5 Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar.
6-8 Bulardan soň ýene dokuz ogul doguldy: Ýybhar, Elişama, Elipelet, Noga, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada we Elipelet.
9 Dawudyň şu ogullaryndan başga gyrnaklaryndan bolan ogullary-da bardy. Onuň Tamar diýen gyzy hem bardy.
Süleýmanyň nesilleri
10 Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, 11 Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş, 12 Ýowaşdan Amazýa, Amazýadan Uzyýa, Uzyýadan Ýotam, 13 Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa, 14 Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.
15 Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.
16 Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa*, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy.
17-18 Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.
19 Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.
20 Zerubabylyň beýleki bäş ogly: Haşuba, Ohel, Berekýa, Hasadýa we Ýuşapheset.
21 Hananýanyň ogullary: Pelatýa we Ýeşagýa. Ýeşagýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abadýa, Abadýadan Şekanýa doguldy.
22 Şekanýadan Şemagýa doguldy. Şemagýanyň ogullary: Hatuş, Ýygal, Baryýa, Negarýa we Şapat. Şunlukda, Şekanýanyň bir ogly we bäş agtygy – jemi alty adam boldy.
23 Negarýanyň ogullary: Elýogeýnaý, Hizkiýa we Azrykam. Bular jemi üç oguldylar.
24 Elýogeýnaýyň ogullary: Hodawýa, Elýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Anany. Bular jemi ýedi oguldylar.