14‑nji bap
Dawut Iýerusalimde ornaşýar
1 Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. 2 Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna onuň patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi.
3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýallar aldy we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 4 Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman, 5 Ýybhar, Elişuwa, Elipelet; 6 Noga, Nepek, Ýapyýa; 7 Elişama, Begelýada* we Elipelet.
Piliştlileriň ýeňlişi
8 Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, olaryň garşysyna çykdy. 9 Piliştliler gelip, Rapa jülgesine çozupdylar. 10 «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi. 11 Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym* diýen at dakyldy. 12 Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.
13 Piliştliler şol jülgä ýene çozdular. 14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olaryň daşyndan aýlan-da, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur. 15 Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir». 16 Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy. 17 Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.