3‑nji bap
Diliňize erk ediň
1 Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz. 2 Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir. 3 Biz atlaryň tabyn bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk dakyp, olaryň tutuş göwresini dolandyrýarys. 4 Ine, gämilere serediň! Olar güýçli hem batly ýeller bilen kowulsa-da, bir kiçijik kürek arkaly sürüjiniň islän tarapyna öwrülýär. 5 Edil şunuň ýaly, dil hem bedeniň bir kiçijik agzasy bolsa-da, beýik işler bilen öwünýändir. Pikir ediň, kiçijik bir uçgun äpet tokaýy ýakyp köýdürýändir. 6 Dil hem bir otdur, beden agzalarynyň arasyndaky ýamanlyk dünýäsidir. Ol tutuş barlygyňyzy weýran edýändir, dowzah ody bilen bütin durmuşyňyzy köýdürýändir. 7 Ynsan her dürli haýwanlara, guşlara, süýrenijilere, deňiz jandarlaryna diýenini etdirendir we etdirýändir. 8 Emma hiç bir ynsan diline diýen etdirip bilýän däldir. Dil gutarmaýan pislik bolup, öldüriji zäherden doludyr. 9 Dilimiz bilen biz Rebbimizi we Atamyzy* alkyşlaýarys, şol bir wagtyň özünde hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlary näletleýäris. 10 Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir. 11 Heý-de, bir bulagyň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suw akarmy? 12 Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir miwesini berermi? Ýok! Edil şonuň ýaly, şor suwly gözbaşdan süýji suw akmaz!
Hakyky danalyk
13 Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin. 14 Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar! 15 Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr. 16 Çünki bahyllygyň, men-menligiň bar ýerinde bidüzgünçilikler we her dürli pyssy-pyjurlyklar hem bardyr.