3‑nji bap
Isa Musadan beýikdir
1 Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr. 2 Musanyň Hudaýyň öýünde sadyk hyzmatkär bolşy ýaly, Isa hem Özüni ruhanylyga bellän Hudaýa sadyk boldy. 3 Öý guran adamyň öýe garanda has hormatly bolşy ýaly, Isa-da Musa garanda has beýik şöhrata mynasyp boldy. 4 Her bir öý kimdir biri tarapyndan bina edilýändir, emma ähli zadyň binagäri Hudaýdyr. 5 Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy. 6 Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy* başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.
Imandan dänmäň
7 ‡Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly:
«Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,
8 Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň.
Olaryň Meni çölde synaýşy ýaly doňýürek bolmaň.
9-10 Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de,
ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler.
Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim:
„Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr,
Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.
11 Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».
12 Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn. 13 Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň. 14 Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys. 15 ‡Ozal aýdylyşy ýaly:
«Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,
Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň».
16 ‡Onuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi? 17 ‡Hudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi. 18 Hudaý: «Olar dynçlyk mekanyma girmezler» diýip, kimler hakda kasam etdi? Özüne tabyn bolmaýan adamlar hakda dälmi näme? 19 Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.