8‑nji bap
Sahylyk nusgasy
1 Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris. 2 Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar. 3 Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler. 4 Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar. 5 Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler. 6 Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik. 7 Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz* dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris. 8 Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär. 9 Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi. 10 Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym: 11 bu işi öz mümkinçiligiňizden ugur alyp bitiriň. Ony yhlasly başlaýşyňyz ýaly, yhlas bilen-de tamamlaň. 12 Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir. 13 Biz başgalaryň ýüküni ýeňletjek bolup, size agram salmak islämzok. Biz hemmelere deňlik bolsun diýýäris. 14 Siziň bolelinligiňiz şu gün olaryň mätäçliginiň öwezini doldursa, ertirki gün olaryň bolelinligi siziň mätäçligiňiziň öwezini doldurar. Şeýlelikde, hemmelere deňlik bolar. 15 Çünki Töwratda ýazylyşy ýaly: «Köp ýygnanyňkydan hiç zat artmady, az ýygnanyň hiç kem zady bolmady».
Titus we beýleki doganlar Korintosa iberilýär
16 Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy. 17 Titus diňe biziň haýyş edenimiz üçin däl, eýsem size bolan yhlasy sebäpli ýanyňyza göwünjeňlik bilen gitdi. 18 Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr. 19 Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir. 20 Biz şeýle uly mukdardaky puly paýlamakda hiç bir aýyplanma sezewar bolmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris. 21 Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys. 22 Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr. 23 Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr. 24 Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.