24‑nji bap
Pawlus Feliks häkimiň öňünde
1 Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler 2-3 Pawlusy çagyryp getirenlerinde, Tertul ony aýyplamaga başlady: «Belent mertebeli Feliks! Seniň saýaňda biz ençeme wagtdan bäri parahatçylykda ýaşaýarys. Uzakdan görüjiligiň bilen halkymyz üçin uly özgertmeleri amala aşyrdyň. Biz muny hemme ýerde we hemişe çuňňur minnetdarlyk bilen tassyklaýarys. 4 Men seniň köp wagtyňy almakçy däl, öz mähremligiň bilen biziň gysga habarymyza gulak asmagyňy haýyş edýärin. 5 Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany. 6-8 Ol hatda ybadathanany-da harama çykarmaga synanyşdy.* Seniň özüň hem bu adamy soraga çekip, biziň ony nämede aýyplaýandygymyzy onuň özünden anyklap bilersiň».
9 Ol ýerdäki ýahudylar hem aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklamak bilen bu aýyplamalara goşuldylar.
10 Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin. 11 Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime baranyma on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň. 12 Bu adamlardan hiç biri meniň ybadathanada biri bilen jedelleşenimi, sinagogalarda ýa bolmasa şäherde halky aýaga galdyranymy gören däldir. 13 Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler. 14 Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn. 15 Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn. 16 Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn. 17 Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim. 18 Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy. 19 Emma ol ýerde Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýahudylar bardy. Olaryň maňa garşy şikaýatlary bar bolsa, olaryň özleriniň şu ýere gelip, meni seniň huzuryňda aýyplamaklary gerekdir. 20 Ýa-da bu ýerdäkiler ýokary mejlisiň öňünde duranymda, menden näme jenaýat tapandyklaryny, goý, aýtsynlar. 21 Olaryň öňünde durup, belent ses bilen: „Ölüler direlýär diýenim üçin bu gün siziň öňüňizde höküm edilýärin“ diýdim. Mundan başga meniň näme aýybym bar?»
22 «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi. 23 Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy. 24 Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesihe bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi. 25 Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi. 26 Şeýle hem, Feliks Pawlusdan para tama edip, ony ýygy-ýygydan çagyrdyp, onuň bilen söhbet edýärdi. 27 Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.