23‑nji bap
Pawlus ýokary mejlisiň öňünde
1 Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi. 2 Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy. 3 Pawlus oňa: «Seni Hudaý urar, eý, ýüzi aklanan diwar! Özüň-ä meniň üstümden kanuna görä höküm çykarmak üçin otyrsyň, soňam bolsa kanuny bozup, meni urmagy buýurýarsyň» diýdi. 4 Pawlusyň ýanynda duranlar ondan: «Sen näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýärsiň?» diýip soradylar. 5 ‡Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi. 6 Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy. 7 Pawlusyň bu sözünden soňra fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, ýygnanan mähelle ikä bölündi. 8 (Saddukeýler direliş-de, perişde-de, ruh-da ýok diýýärdiler, fariseýler bolsa bularyň hemmesine ynanýardylar.) 9 Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler. 10 Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy. 11 Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.
Pawlusa kast etmek barada dildüwşük
12 Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler. 13 Bu dildüwşüge gatnaşanlaryň sany kyrkdan hem köpdi. 14 Olar ýolbaşçy ruhanylaryň we ýaşulularyň ýanyna gelip: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýip-içmezligi berk kasam etdik. 15 Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler.
16 Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi. 17 Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi. 18 Onsoň ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi. Oňa: «Tussag Pawlus meni çagyryp, şu ýigidi seniň ýanyňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi. 19 Müňbaşy ýigidi goltuklap, bir gyra çekdi-de, ondan: «Sen maňa näme hakda habar bermekçi?» diýip sorady. 20 Ol şeýle jogap berdi: «Ýahudylar we ýokary mejlis bilelikde Pawlus hakdaky maglumatlary doly öwrenmek bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler. 21 Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar». 22 Müňbaşy ol ýigidi ugradyp: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtmagyn» diýip tabşyrdy.
Pawlus Kaýsariýa iberilýär
23 Onsoň müňbaşy ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp: «Agşam sagat dokuzda Kaýsariýa gitmek üçin, iki ýüz sany pyýada, ýetmiş sany atly esgeri we iki ýüz naýzaçy taýynlaň. 24 Pawlusy hem ata mündürip äkidip, sag-aman häkim Feliksiň ýanyna alyp baryň» diýip tabşyryk berdi. 25 Soňra müňbaşy şeýle mazmunly hat ýazdy: 26 «Çuňňur hormatlanýan häkim Felikse Klawdiý Lisiýasdan dogaýy salam! 27 Ýahudylar bu adamy tutup öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony halas etdim. 28 Onuň näme aýybynyň bardygyny bilmek üçin, ony ýahudylaryň ýokary mejlisine alyp geldim. 29 Men ony özleriniň dini kanuny bilen bagly meselelerde aýyplaýandyklaryny bildim, emma onda ölüme ýa-da tussag etmäge laýyk hiç hili esas ýokdur. 30 Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym».
31 Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler. 32 Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen bile ýollaryny dowam etdirdiler, beýlekiler bolsa gala dolandylar. 33 Atlylar Kaýsariýa gelenlerinde, haty häkime gowşuryp, Pawlusy-da onuň eline tabşyrdylar. 34 Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Pawlusyň Kilikiýadandygyny bilende bolsa: 35 «Seni aýyplaýjylar gelensoň diňlärin» diýdi. Soňra Pawlusyň Hirodyň köşgünde gözegçilik astynda saklanmalydygy barada buýruk berdi.