17‑nji bap
Isa doga-dileg edýär
1 Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn. 2 Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin. 3 Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr. 4 Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. 5 Eý, Atam, dünýä ýaradylmazdan öňem Meniň Seniň huzuryňda şöhratym bardy. Indi şol şöhrat bilen Meni ýene-de Öz huzuryňda şöhratlandyr.
6 Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler. 7 Indi olar Maňa beren ähli zadyňyň Sendendigini bilýärler. 8 Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler. 9 Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. 10 Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym. 11 Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar. 12 Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi. 13 Indi Men Seniň ýanyňa barýaryn. Olar Meniň şatlygymdan dolsun diýip, bulary olara heniz bu dünýädekäm aýdýaryn. 14 Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. 15 Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin. 16 Meniň bu dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da bu dünýäden däldirler. 17 Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et. 18 Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men hem olary dünýä iberdim. 19 Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim. 20 Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň wagzy bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. 21 Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin. 22 Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun. 23 Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar. 24 Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň. 25 Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler. 26 Maňa bolan söýgiň olarda-da bolsun, Men hem olarda bolaýyn diýip, Seniň adyňy olara tanatdym we tanatmagy dowam ederin».